Premýer ministr Ýyldyrym Izmirde ýaşlary kabul etdi

Premýer ministr Binali Ýyldyrym "Rakdan däl, giýç galmakdan gork" atly biologik taslamasy bilen Ýewropada 1-nji oruna mynasyp bolan liseýli ýaşlary kabul etdi

996240
Premýer ministr Ýyldyrym Izmirde ýaşlary kabul etdi

Binali Ýyldyrym Ýewropa Bileleşigi tarapyndan goldanýan SciChallenge atly bilim bäsleşiginde "Rakdan däl, giýç galmakdan gork" atly biologik taslamalary bilen 28 ýurtdan 438 taslamany geçip, Ýewropada 1-nji oruna mynasyp bolan liseýli ýaşlar Leýla Almasoud we Berna Akdeniz we olaryň maşgalalary bilen Izmirde duşuşdy. 

Ýyldyrym Leýlanyň we Bernanyň üstünlikleriniň Türkiýäniň abraýyna abraý goşandygyny nygtady. 

Okuwçylary, mugallymlary we maşgalalaryny gutlan Binali Ýyldyrym: "Rakdan her ýyl 13 million adam ýogalýar. Emma irki möhletde bilinse, adamyň janyny halas edip bolýar. Bu bolsa eden işiňiziň örän manylydygyny orta goýýar" diýdi. 



Degişli Habarlar