Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň howa operasiýalary dowam edýär
Howa operasiýasynda ekstremist terror guramasy tarapyndan ýarag liniýasy, gaçybatalga we ok-däri ammar hökmünde ulanylan ýerler ýok edildi
Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine degişli harby uçarlaryň 17-18-nji iýun aralygynda Yragyň demirgazygyndaky Awaşin-Basýan sebitine, Diýarbakyr we Şyrnak welaýatlaryna guran howa hüjümlerinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 26 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Baş ştab tarapyndan berilen maglumata görä 17-18-nji iýun aralygynda terrorçylaryň Yragyň demirgazygyndaky Awaşin-Basýan sebitindäki, Diýarbakyryň Hani etrabyndaky we Şyrnak welaýatynyň Silopi etrabyndaky ýerlerine howa hüjümlerini gurady.
Howa operasiýasynda ekstremist terror guramasy tarapyndan ýarag liniýasy, gaçybatalga we ok-däri ammar hökmünde ulanylan ýerler ýok edildi.
Howa operasiýasynda ýaragly 26 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan, Gollandiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Wahdettin köşgünde bolan kabul edilşik metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
TRT Ispan digital habar platformasy dabaraly ýagdaýda açyldy.