Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Kandile guraýan howa hüjümleri dowam edýär

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Yragyň demirgazygyndaky Kandil sebitine guraýan howa hüjümleri dowam edýär

993267
Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Kandile guraýan howa hüjümleri dowam edýär

Kandil sebitine guralan soňky howa hüjümlerinde ekstremist terror guramasy PKK-ly terrorçylara degişli ýerler ýok edildi.

Baş ştab tarapyndan berilen beýanata görä düýn guralan howa hüjümlerinde ýer bilen ýegsan edilen nyşanalaryň arasynda terrorçylar tarapyndan ulanylan gaçybatalgalar, gowaklar, ýarag liniýalar we ok-däri ammarlar bar.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň ýurdyň öz içindäki terrorçylara garşy operasiýalary hem dowam edýär.  

Erzinjan welaýatynyň Kemah etrabynda gözleg işleriniň netijesinde anyklanan terrorçylar howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Howa operasiýasynyň netijesinde 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Köp mukdarda ok-däri we azyk ele salyndy.


Etiketkalar: #Kandil , #operasiýa , #ammar , #ok-däri

Degişli Habarlar