Premýer ministr Ýyldyrym Erzinjana bardy

Binali Ýyldyrym terrora garşy göreşiň iň soňky terrorçy ýok bolýança çenli dowam etjekdigini nygtady

993374
Premýer ministr Ýyldyrym Erzinjana bardy

Erzinjanyň welaýat Žandarma serkerdeligine baran Premýer ministr Binali Ýyldyrym ol ýerde esgerlere ýüzlenip çykyş etdi.

Ýyldyrym Yragyň demirgazygynda terrory ýerinde ýok etmek üçin dowam edýän operasiýalara ünsleri çekdi.

Iki ýyl ozal terrora garşy goranmak dälde, hüjüm ýörelgesine görä göreş başladandyklaryny ýatladan Binali Ýyldyrym: “Häzirki wagtda daglarda, şäherlerde terroryň basyşy ýok boldy, döwlet ähli ýerde gözegçiligi ýola goýdy, emma işimiz entek tamamlanmady. Iň soňky terrorçy ýok bolýança çenli terrora garşy göreş dowam eder. Mundan başgada serhetlerimiziň beýleki tarapynda bize zeper bermäge synanyşýan terrorçylary Zeýtun şahajygy, Ýewfrat galkany operasiýalary bilen ýerinde täsirsiz ýagdaýa getiren bolsak, nesip bolsa Yragyň demirgazygyndaky terrory hem şolar ýaly ýerinde täsirsiz ýagdaýa getirmek üçin howa güýçleriniň goldaw bermeginde gury ýer operasiýasyny geçirýäris. Nesip bolsa bu ýerde hem gowy netijeler alarys” diýip belledi.



Degişli Habarlar