Prezident Erdogan Pakistanyň Prezidenti Mamnun bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Liderler telefon söhbetdeşliginde birek-biregi Oraza baýramy mynasybetli gutladylar

992665
Prezident Erdogan Pakistanyň Prezidenti Mamnun bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Türkiýe bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmek baradaky isleglerini ýene-de bir beýan eden liderler, sebitleýin meseleler barada pikir alyşdylar.

Owganystan-Pakistan Parahatçylyk we arkalaşyk meýilnamasynyň çäginde geçirilen duşuşyklardan netije alynmagyna kanagatlanma bildirilen söhbedeşlikde, Palestina meselesinde halkara platformalaryndaky arkalaşygyň ähmiýetine üns çekildi.

Prezident Erdogan we pakistanly kärdeşi Mamnun baýramçylygyň Türkiýe we Pakistan bilen birlikde bütin musulman dünýäsine asudalyk getirmegini arzuw etdiler.



Degişli Habarlar