Janikli: "Siriýanyň Manbidž sebitinde ýerli dolanşyk dörediler" diýdi

Türkiýäniň Goranmak ministri Nurettin Janikli Siriýanyň Manbidž sebitinde ýerli dolanşygyň dörediljekdigini habar berdi

991183
Janikli: "Siriýanyň Manbidž sebitinde ýerli dolanşyk dörediler" diýdi

Janikli Anadoly habarlar agentliginde Türkiýä bilen ABŞ-niň arasynda Manbidž bilen bagly geçirilen gepleşikler barada beýanat berdi. 

Ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy PÝD-ÝPG tarapyndan basylyp alynan Münbidžden çykaryljakdygyny aýdan Janikli bu işiň Türkiýäniň we ABŞ-niň harbylary tarapyndan gözegçilik ediljekdigini beýan etdi. 

Janikli: "Ähli zat ABŞ bilen bilelikde ediler. Biz tarapyndan seredilende bu ylalaşygyň maksady Manbidžiň ÝPG/PÝD-deb saplanmagy" diýdi. 

Janikli: "ABŞ ÝPG/PÝD-niň PKK-nyň bir goludygyny, olar tarapyndan dolandyrylýandygyny, şol bir terrorçylary ulanýandyklaryny gördi. Eger ynanmadyk bolsalardy, onda bu ylalaşyk gazanylmazdy" diýdi. 

 


Etiketkalar: #Nurettin Janikli , #ABŞ , #PKK

Degişli Habarlar