Musulman ýurtlar Türkiýäniň başlangyjy bilen Ysraýyla degişli harytlary boýkot etmekçi

Prezident R.T.Erdoganyň 20-nji maýda Bosniýa-Gersogowina guran saparyndan gaýdyşyn uçarda metbugat işgärlerine beýanat beripdi

976394
Musulman ýurtlar Türkiýäniň başlangyjy bilen Ysraýyla degişli harytlary boýkot etmekçi

Prezident R.T.Erdoganyň 20-nji maýda Bosniýa-Gersogowina guran saparyndan gaýdyşyn uçarda metbugat işgärlerine beýanat beripdi

Erdogan 14-nji maýda ABŞ-nyň İýerusalimde ilçihana açmagyna parahatçylykly reaksiýa bildiren palestinalylaryň Ysraýyl esgerleri tarapyndan gyrylmagyna görülen çäreler barada durup geçdi.

“Stambulda geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyndan soň Ysraýyla sanksiýa, boýkot, çäklendirme goýulmagy barada anyk çäre görülermi” diýle soraga jogap beren Erdogan: “Bu barasynda Gurama olaryň harytlaryna garşy boýkot goýulmagy üçin maslahat beriji karar kabul etdi. Men Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň şol karara laýyklykda boýkot goýmagyny tama edýärin. Netijede Ysraýylda indi haýsydyr bir haryt alynmaz” diýip jogap berdi.

Türkiýäniň meseläni seljerjekdigini nygtan Erdogan: “Türkiýe Ysraýyl bilen bolan gatnaşyklaryny, esasanda ykdysady-söwda gatnaşyklarymyzy seljerer. 24-nji iýunda saýlaw bar, saýlawdan soň biz hem degişli çäreleri göreris” diýdi.

YHG-niň Ysraýylyň palestinalylara eden gyrgynçylygyny derňejek garaşsyz topar döretmek barada karara gelendigini ýatladan Erdogan; “Emma has möhümi Kosowada, Bosniýa-Gersogowinada bolşy ýaly ol ýerde BMG-niň parahatçylyk güýjüni döretmegi üçin maslahat beriji karar kabul etdik. Onuň netijeli bolmagyna, Ysraýylyň BMG-niň güýçlerine hüjüm etmeginiň ýeňil bolmajakdygyna ynanýarys” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň demirgazyk günbatar Siriýa berilýän kömegiň kesiljekdigini baradaky beýannamasynyň ýerliksizdigini nygtan Erdogan; “Demirgazyk-günbatar Siriýada ABŞ-nyň näme kömegi bar? Ol ýerde Russiýa bar. Ol ýerliksiz beýannama. ABŞ esasan Munbiç tarapynda. Onsuz hem ABŞ-nyň ol ýere berýän kömegi PÝD/ÝPG-ä ýarag we ok-däri. ABŞ ol ýerlere ynsanperwer kömek berenok. İdlibde, Dumada Amerikan güýçleri ýok. Ol ýerleriň ählisi, Afrin bilen birlikde sebit Russiýa bilen biziň bilelikde işleşýän zolagymyz” diýdi.



Degişli Habarlar