Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy Türkiýäniň çagyryşyna laýyklykda şu gün Stambulda jemlenşer

Maslahata 40-dan gowrak ýurduň wekiliniň gatnaşmagynda garaşylýar

973642
Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy Türkiýäniň çagyryşyna laýyklykda şu gün Stambulda jemlenşer

Türkiýäniň çagyryşyna laýyklykda Iýerusalim üçin Stambulda jemlenişjek Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň nobatdan daşary maslahatyna 40-dan gowrak ýurduň wekiliniň gatnaşmagynda garaşylýar.

Prezident R. T. Erdoganyň Palestinadaky soňky wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin beren çagyryşyna laýyklykda Stambulda jemlenişjek YHG-nyň nobatdan daşary maslahatyna 13 döwlet we hökümet baştutany, 2 Wise-prezidenti, 3 Wise-premýer we 12 daşary işler ministri bilen birlikde 11 ýurtdan ýokary derejeli wekiliýet gatnaşar.

Maslahata döwlet we hökümet baştutany derejesinde Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň, Owganystanyň Prezidenti Eşref Ganiniň, Iordan Şasy Abdullah II-niň, Sudanyň Prezidenti Ömer Al Beşiriň, Gwineýa-Bisaýyň Prezidenti Hoza Mario Wazyň we Gwineýanyň Prezidenti Alhpa Gondeniň, Kataryň Emiri Temim Hin Hamad Al Saniniň, Kuweýdiň Emiri Şyh Sabah Al Ahmed Al Jabir As Sabahyň, Mawritaniýanyň Prezidenti Muhammed Weled Abdulaziziň, DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjynyň, Pakistanyň Premýer ministri Şahid Hakan Abbasiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Premýer ministri Muhammedkaliý Abdylgaziýetiň gatnaşmagyna garaşylýar.

YHG-nyň maslahatyna gatnaşmak üçin Palestinanyň Premýer ministri Rami Al Hamdallah bilen YHG-nyň Baş sekretary Ýusuf Bin Oseýmin hem Stambula geldi.

Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň duşenbe güni Gaza serhedinde ABŞ-nyň Ysraýyldaky ilçihanasyny Tel Awiw şäherinden Iýerusalime göçürmegine garşy we Nekbäniň “Uly betbagtçylygyň” 70 ýyllygyny hatyralamak üçin bir ýere jemlenşen palestinalylara ot açmagy netijesinde 62 palestinaly şehit bolupdy, 3 müňden gowrak adam hem ýaralanypdy.



Degişli Habarlar