Erdogan 1915-nji ýyldaky wakalar bilen bagly arhiwleri açmaga çagyrdy

Prezident R.T.Erdogan 1915-nji ýyldaky wakalar bilen bagly Türkiýedäki arhiwleriň açykdygyny nygtap, ellerinde arhiwi bolanlary hem olary açmaga çagyrdy

966568
Erdogan 1915-nji ýyldaky wakalar bilen bagly arhiwleri açmaga çagyrdy

R.T.Erdogan Beştepe Millet medeniýet we maslahatlar merkezinde Gazna hepdeligi mynasybetli abatlaýyş işleri tamamlanan 250 eseriň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Çykyşynyň dowamynda 1915-nji ýyldaky wakalar baradaky toslama ermeni tezisleri barada durup geçen Erdogan; “Şu günki günde Türk ýaragly güýçleriniň arhiwi doly açyldy we isleýänler gelip barlag geçirip biler. Prezidentiň arhiwi hem açyldy we barlag geçirjeklere garaşýar. Eger özüne ynamy bolan bar bolsa, geliň biz arhiwlerimizi açýarys, eger bar bolsa senem arhiwiňi aç” diýdi.

Erdogan 1915-nji ýyldaky toslama ermeni tezislerini öňe sürýänleriň Türkiýä garşy kampaniýa alyp barmakdan başga zat etmeýändigini nygtap: “Olarda pul köp. Türkiýäni hamala günäli ýagdaýa düşürmek isleýärler. Hötdesinden gelip birmesiňiz, çünki biz mamla” diýdi.

Çykyşynyň dowamynda Fransiýada ozalky Prezident Nikola Sarkozi bilen birlikde 300 adamyň goly bilen çap edilen Gurhandan käbir aýatlaryň çykarylmagy baradaky jarnama reaksiýa görkezmäge dowam eden Erdogan: “Fransiýanyň intelligentdirin diýýän garaňky adamlary Gurhandan käbir aýatlaryň çykarylmagyny isleýäňiz. Biziň medeniýetimizde İnjilden, Töwratdan şulary çykaryň diýýän düşünje ýok. Biz ýeke hudaýly dinleriň ählisine sarpa goýýarys” diýdi.



Degişli Habarlar