Mejlisiň başlygy Kahraman Serbiýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy İsmail Kahraman resmi sapar bilen Türkiýä gelen Serbiýanyň Prezidenti Aleksandyr Wuçiç bilen duşuşdy

965777
Mejlisiň başlygy Kahraman Serbiýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky ykdysady we syýasy gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Serbiýanyň Prezidenti Wuçiç saparyndan hoşaldygyny belledi we “iki ýurduň arasynda dostluk köprülerini gurduk, myhmansöýerligiňiz üçin sag bolsun aýdýaryn” diýdi.

Serp lider duşuşykdan soň  Mejlisiň başlygy İsmail Kahraman bilen birlikde TBMM-niň Fetullahçy terror guramasy Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-niň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygynda bombalanan bölümine baryp gördü.

 



Degişli Habarlar