Prezident Erdogan Günorta Koreýa gitdi

Erdogan ýörite uçary Jan bilen Türkiýäniň wagty bilen sagat 14:20-de Özbegistandan Günorta Koreýa gitdi

961931
Prezident Erdogan Günorta Koreýa gitdi

Prezident Erdogany Günorta Koreýa Buhara halkara howa menzilinden Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew, aýaly Ziraat Mirziýoýewa we Buhara sebitiniň gubernatory Uktam Barnoýew ugratdy.

Erdogan 2-3-nji maý aralygynda Günorta Koreýanyň Prezidenti Mun Džeiniň çakylygyna laýyklykda bu ýurtda resmi saparda bolar. 

Günorta Koreýa gurajak saparynyň çäginde geçiriljek duşuşyklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde sebitleýin we halkara meseleler ara alynyp maslahatlaşylar.

Prezidentiň Metbugat merkezi Erdoganyň Günorta Koreýanyň Milli mejlisine baryp ol ýerde Mejlisiň başlygy Çung Sýe-Kýun bilen duşuşjakdygyny, meşhur koreýaly kärhanalaryň resmiler bilen hem duşuşyk geçirip pikir alyşjakdygyny habar berdi.



Degişli Habarlar