Türkiýäniň Prezidenti Özbegistana sapar gurar

Prezident Erdogan Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygyna laýyklykda 29-njy aprel-1-nji maý aralygynda Özbegistana sapar gurar

958439
Türkiýäniň Prezidenti Özbegistana sapar gurar

Prezidentiň Metbugat merkezinden berilen beýanata görä saparyň çäginde geçiriljek duşuşyklarda Özbegistan bilen bolan gatnaşyklaryň has hem özgerdilmegi üçin ediljek ädimler ele alynar we sebitleýin meseleler barada pikir alyşylar.

Prezident Erdogan Daşkente gurajak saparynda Özbegistanyň Ali mejlisinde çykyş eder, ondan soň bolsa Prezident Mirziýoýew bilen Türk we Özbek işewür adamlaryň gatnaşmagynda geçiriljek Işewürler forumyna gatnaşar.

Erdogan 1-nji maýda Türk-Yslam medeniýetiniň gadymy şäherleriniň biri bolan Buhara gezelenç eder.



Degişli Habarlar