Prezident Respublikasy hökümet ulgamy baradaky utgaşyklyk bukjasy Mejlise hödürlendi

Utgaşyklyk bukjasynyň sişenbe güni Mejlisiň Baş Assambleýasynda seljerilmegine garaşylýar

956292
Prezident Respublikasy hökümet ulgamy baradaky utgaşyklyk bukjasy Mejlise hödürlendi

Prezident Respublikasy hökümet ulgamy baradaky 10 maddalyk utgaşyklyk bukjasy Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlyklygyna hödürlendi.

Utgaşyklyk bukjasy Prezident Respublikasy hökümet ulgamy baradaky kanuny üýtgetmeleri öz içine alýar.

Utgaşyklyk bukjasyna görä, prezidentlige dalaşgär şol bir wagtda halk deputaty bolup bilmez.

Parlament we Prezident saýlawy 5 ýyldan bir gezek şol bir günde geçirler.

Utgaşyklyk bukjasyna görä, soňky saýlawda azyndan 5 göterim ses alan syýasy partiýalar ýada 100 müň saýlawçy prezidentlige dalaşgär görkezip biler.

Dalaşgärler Ýokary saýlaw geňeşine prezidentlige dalaşgärlik üçin ýüz tutar.

Utgaşyklyk bukjasy halk deputatlarynyň sanynyň 550-den 600-e çykarylmagy we saýlanmak ýaşynyň 18-e düşürilmegi baradaky maddany hem öz içine alýar.

Bukjada daşary ýurtlardaky saýlawçylary ýakyndan gyzyklandyrýan üýtgetmeler hem ýer alýar.

Daşary ýurtlardaky türk raýatlary üçin ses berilşik saýlawdan  45 gün ozal başlar we saýlawa 7 gün galanda tamamlanar.

Utgaşyklyk bukjasynyň sişenbe güni Mejlisiň Baş Assambleýasynda seljerilmegine garaşylýar.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar