Premýer ministr Binali Ýyldyrym Ispaniýada saparda bolar

Türkiýäniň Premýer ministr Binali Ýyldyrym Türkiýe-Ispaniýa Hökümetara maslahatynyň 6-njysyna gatnaşmak üçin 24-25-nji aprelde Ispaniýa resmi sapar gurar

956638
Premýer ministr Binali Ýyldyrym Ispaniýada saparda bolar

Premýer ministrlik Metbugat ofisi tarapyndan berilen beýanata görä Binali Ýyldyrym Ispaniýanyň Premýer minitri Mariano Rahoýyň çakylygyna laýyklykda Ispaniýa gider.

Türkiýe-Ispaniýa Hökümetara maslahatynyň 6-njysyna gatnaşjak Binali Ýyldyrym Ispaniýanyň Premýer ministri Rahoý, Ispaniýanyň Wekiller mejlisiniň başlygy Ana Pastor bilen duşuşyk geçirer we Ispaniýanyň Şasy VI Filipp tarapyndan kabul ediler.  

Duşuşyklarda Türkiýe-Ispaniýa gatnaşyklary bilen birlikde, iki ýurdyň gün tertibinde bolan sebitleýin we halkara meseleler giňişleýin häsýetde ara alynyp maslahatlaşylar.

Ykdysady gatnaşyklary has hem özgertmek maksady bilen Türk we Ispan işewür adamlar bilen duşuşyk geçirjek Binali Ýyldyrym syýasatçylar, işewür adamlar, diplomatik töwerekler we metbugat işgärleri üçin möhüm forum bolan Täze Ykdysadyýet forumyna gatnaşar.

Binali Ýyldyrym saparynyň çäginde Ispaniýanyň mediasynyň wekilleri bilen hem duşuşyk geçirer.



Degişli Habarlar