Binali Ýyldyrym Izmire bardy

Ýyldyrym Türkiýäniň duşmanlaryna garşy hemişe gerek bolan jogaby bermäge güýjüniň bardygyny belledi

956721
Binali Ýyldyrym Izmire bardy

Binali Ýyldyrym Izmirde ejesi we gaýynenesiniň adyna gurulan mekdepleriň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Çykyşynda özygtyýarlygyň üstünde durup geçen Ýyldyrym terrora garşy göreşde tutanýerlidiklerini belledi.

“Bu toprak üçin topraga ýatan şehitlerimiziň gahrymançylyklary asla ýatdan çykarylmaz” diýen Binali Ýyldyrym: “Içerki we daşary ýurtdaky duşmanlarymyz doganlygymyza, döwletimize, milletimize, baýdagymyza çydam edip bilmeýänler näme etseler etsinler, Siriýanyň Afrin sebitinde edişimiz ýaly, El Babda edişimiz ýaly, ýurdyň öz içinde Gabarda, Bestler Dereler sebitinde edişimiz ýaly, Yrakda Hakurkda we Kandilde edişimiz ýaly depelerine gonarys, jogaplaryny bereris. Bu baýdak pasyrdar, bu azanlaryň sesi ýaňlanar” diýip belledi.

Çykyşynda agzybirlik we jebislik ýüzlenmesini beren Binali Ýyldyrym: “Biri-birimize has hem berk sepleşeris. Bir bolarys, jebis bolarys, bilelikde Türkiýe bolarys” diýdi.

Binali Ýyldyrym: “Hemişe belläp geçýän zadym bar: Biziň gelejege ähmiýet bermegimiz möhüm, öňe seretmegimiz möhüm. Biziň gelejegimiz maglumatda, tehnologiýada” diýip nygtady.



Degişli Habarlar