Afrinde 1000-e golaý terrorçy üçin niýetlenenen ýer asty karargäh ýüze çykaryldy

Gurluşygy tamamlanyp barýan ýer asty karargäh Afrini gurşap alan daglarda tokaýlyk meýdanda ýerleşýär

951883
Afrinde 1000-e golaý terrorçy üçin niýetlenenen ýer asty karargäh ýüze çykaryldy

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň Afrin etrabynda geçirilýän Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde terrorçylardan saplanan Afrinde 1000-e golaý terrorçy üçin niýetlenenen ýer asty karargäh ýüze çykaryldy.

Azat Siriýa goşuny Afriniň etrap merkeziniň 18-nji martda gözegçilik astyna alynmagyndan soň etrapda geçirilýän gözleg we halas ediş işlerinde ýer asty karargähiň bardygyny anyklady.

Anadoly habarlar gullugynyň wideo ýazgylaryna görä, gurluşygy tamamlanyp barýan ýer asty karargäh Afrini gurşap alan daglarda tokaýlyk meýdanda ýerleşýär.

Ýeriň 10 metr aşagynda ýerleşýän karargähiň üstü arça tokaýlary bilen örtülen.

Karargähiň girelgesine tarap uzap gidýän 8 metr giňligindäki ýol, ýer astyna girenden soň 100 metr uzynlygyndaky tunel bilen dowam edýär.

Ýer asty karargähde 3 uly koridor bar. Koridorlaryň her biriniň uzynlygy 100-120 metr .

Karargähdäki konferensiýa zallary, onlarça otag, hajathana, hamam ünsleri özüne çekýär.



Degişli Habarlar