Prezident Erdogan Putine Siriýada himiki ýaragyň ulanylandygy barada subutnama ugratdy

Erdogan Siriýada himiki ýaragyň ulanylandygyny görkezýän wideo ýazgylary Putine ugradandygyny aýtdy

950862
Prezident Erdogan Putine Siriýada himiki ýaragyň ulanylandygy barada subutnama ugratdy

Prezident R. T. Erdogan Siriýada himiki ýaragyň ulanylandygyny görkezýän wideo ýazgylary Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine ugradandygyny aýtdy.

Erdogan Stambulda metbugata  beren beýanatynda şenbe güni Siriýanyň Duma etrabynda guralan we 80 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan himiki ýarag hüjümi barada durup geçdi.

Prezident Erdogan Duma we Gündogar Guta baradaky wideo ýazgylary ýörite wekil bilen Putine ugradandygyny aýtdy.

Erdogan “Dumada we Gündogar Gutada başdan geçirlen wakalar gaty gynandyryjy.  Mende şol wakalaryň wideo ýazgylary bardy. Wideo ýazgylary Putiniň ýörite wekiline berdim. Gelen ýörite wekil bilen mesele barada pirim alyşdyk. Himiki ýaraglaryň ulanylmagyna garşydygymyzy ýene-de bir gezek nygtadym. Himiki ýaraglaryň ulanylmagyna garşy berk tutum alyp barmaga dowam ederis” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar