Binali Ýyldyrym Makedoniýanyň Prezidenti Iwanow bilen duşuşdy

Binali Ýyldyrym bilen myhman Prezidenti Iwanow Stambulda bolan duşuşykda iki ýurduň arasyndaky ýakyn dostluga we hyzmatdaşlyga ünsi çekdi

949721
Binali Ýyldyrym Makedoniýanyň Prezidenti Iwanow bilen duşuşdy

XXI Ýewraziýa Ykdysadyýet maslahatyna gatnaşmak üçin Türkiýä gelen Makedoniýanyň Prezidenti Iwanow iş saparynyň çäginde Premýer ministr Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy.

Binali Ýyldyrym bilen myhman Prezidenti Iwanow Stambulda bolan duşuşykda iki ýurduň arasyndaky ýakyn dostluga we hyzmatdaşlyga ünsi çekdi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn pugtalandyrylmagynyň ähmiýeti ýene-de bir gezek nygtaldy.

Premýer ministr Ýyldyrym bilen Makedoniýanyň Prezidenti Iwanow sebitara meseleler hakynda hem pikir alyşdy we şol çäkde Bosniýa-Gersogowinanyň ÝB-ne we NATO agzalygyna etabyna goldaw bermäge dowam etjekdiklerini belledi.

 



Degişli Habarlar