Prezident Erdogan Gündogar Gutanyň Duma etrabynda himiki hüjüm guranlary näletledi

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Erdogan partiýasynyň TBMM-däki Mejlis toparynda çykyş etdi

948261
Prezident Erdogan Gündogar Gutanyň Duma etrabynda himiki hüjüm guranlary näletledi

Prezident R. T. Erdogan Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň gabawy astyndaky Gündogar Gutanyň Duma etrabynda himiki hüjüm guranlary näletledi we jerimesini çekjekdiklerini aýtdy.

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Erdogan partiýasynyň TBMM-däki Mejlis toparynda çykyş etdi.

Çykyşynda azyndan 49 adamyň ýogalmagyna we ýüzlerçe adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan Dumadaky “şübheli” himiki hüjüm barada durup geçen Erdogan “ Gyrgynçylyk edenleri näletleýärin. Himiki hüjümiň kim tarapyndan guralandygyna garamazdan jogapkärleri jerimesini çekerler. Düýn Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdim we mesele hakynda pikir alyşdym. Telefon söhbetdeşliklerimi şu gün hem dowam etdirerin” diýdi.

Siriýa krizisiniň çözülmegi etaby barada hem durup geçen Erdogan “Ilkinjisi Russiýanyň Soçi şäherinde, ikinjisi Ankarada geçirlen üç taraplaýyn maslahatyň üçünjisi Tähranda geçirler. Üç taraplaýyn maslahat Siriýa krizisniň çözülmeginde öwrülşik nobady bolar” diýip belledi.

Prezident Erdogan Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabynda ekstremist terror guramasy PKK/KJK/PÝD-ÝPG-a we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, dost we doganlyk sebitiň halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek üçin 20-njy ýanwarda başlan Zeýtun şahajygy operasiýasynda häzire çenli 4071 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar