Ysraýylyň Gazany gana bulamagyna garşy Stambulda protest ýörişi geçirildi
Ýörişe gatnaşyjylar musulman ýurtlarynyň ýeterlik derejede Ysraýyla garşylyk görkezmeýändigini nygtadylar
941857
Ysraýylyň Gazany gana bulamagyna garşy Ysraýylyň Stambuldaky Baş konsullygynyň öňünde protest ýörişi geçirildi.
Anadoly Ýaşlar jemgyýetiniň Stambuldaky bölümi tarapyndan Stambulyň Lewent etrabynda ýerleşýän Ysraýylyň Baş konsullygynyň öňünde protest ýörişi geçirildi.
Ýörişe gatnaşyjylar musulman ýurtlarynyň ýeterlik derejede Ysraýyla garşylyk görkezmeýändigini nygtadylar.
Protest ýörişinde Gazada ýogalanlar üçin doga edildi, Ysraýylyň alyp barýan syýasatlaryna garşy şygarlar göterildi.
Degişli Habarlar
Erdogan, Azerbaýjany Garaşsyzlyk Güni Bilen Gutlady
Erdogan, Aliýewe, 28-nji maý Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasibetli gutlag ýüzlenmesini ugratdy.