1 hepde-de 91 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Terrorçylar tarapyndan ulanylýan 45 gowak, gaçybatalga we ýarag ammary hatardan çykaryldy

936707
1 hepde-de 91 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan soňky 1 hepde-de Yragyň demirgazygynda we ýurduň içinde geçirlen operasiýalarda 91 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Baş ştabdan berlen benaýata Türk ýaragly güýçleriniň ýurduň we halkyň howpsyzlygyny üpjün etmek maksady bilen ýurduň içinde we serhetaşa PKK/KJK/PÝD-ÝPG-nyň we DAIŞ-iň başda durmagynda ähli terror guramalaryna garşy göreşiniň tutanýerlilik bilen dowam edýändigi bellenildi.

Beýanatda terror guramalaryna garşy geçirlen operasiýada 34 ýarag we 110 granat bilen birlikde partlaýjy madda ýasamakda ulanylýan köp sanly maddanyň ele geçirlendigi nygtaldy

Beýanatda 29 partlaýjy maddanyň hem hatardan çykarlandygy bellenildi.

Beýanatda operasiýalarda terrorçylar tarapyndan ulanylýan 45 gowak, gaçybatalga we ýarag ammarynyň hem hatardan çykarlandygy nygtaldy.

 

 

 



Degişli Habarlar