Prezident Erdogan Germaniýanyň Prezidenti Şteinmeier bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Iki kärdeş Türkiýe bilen Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy babatynda pikir alyşdy

934891
Prezident Erdogan Germaniýanyň Prezidenti  Şteinmeier bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R. T. Erdogan Germaniýanyň Prezidenti Frank Walter Şteinmeier bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy babatynda pikir alyşdy.

Federal Kansler Angela Merkel bilen geçen hepde geçiren telefon söhbetdeşligine ünsi çeken Prezident Erdogan, Germaniýada täze gurlan hökümet bilen hyzmatdaşlyk etmäge dowam etjekdiklerini belledi.

Terrora garşy bilelikdäki göreşiň ähmiýeti barada durup geçen Prezident Erdogan, Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabynda geçirýän Zeýtun şahajygy operasiýasy barada maglumat berdi.

Iki kärdeş Germaniýada ýaşaýan türk jemgyýetçiniň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagyna iteri berýändigini nygtady.

 



Degişli Habarlar