Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Ýurdyň öz içinde soňky 1 hepdede geçirilen operasiýalarda 21 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

932759
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi geçirilen operasiýalar bilen baglanşykly beren beýanatynda 12-19-njy mart aralygynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy 1171 aýry operasiýa geçirilendigi mälim edildi.

Beýanatda operasiýalaryň netijesinde 21 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi.

Berilen beýanatda ekstremist terror guramasy PKK-a degişli 76 sany gaçybatalga we gowak ulanyp bolmajak ýagdaýa getirildi.

Operasiýalarda elde ýasalan 25 partlaýjy ýok edildi.

Beýanatda 12-19-njy mart aralygynda PKK/DAIŞ we FETÖ/PDÝ-e garşy geçirilen operasiýalarda hem 5110 adamyň göz tussaglygyna alynandygy beýan edildi.



Degişli Habarlar