Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny Afriniň şäher merkezinde gözegçiligi ýola goýdy
Saklanan terrorçylar göz tussaglygyna alynmaga başlandy
Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan alynyp barylýan Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde Azat Siriýa goşuny şu gün irden Afrine şäheriň günorta-gündogaryndan girmäge başlady.
Ektremist terror guramasy PKK/ÝPG-li terrorçylardan saplanmagy maksat edinilýän Afrinde Azat Siriýa goşunynyň öňe gidişligi dowam edýärkä, şäheriň merkezinden wagtal-wagtal ýaragyň we partlamanyň sesleri eşidilýär.
Mundan başgada Türkiýäniň harby uçarlarynyň hem Afrin şäheriniň ýokarysyndan uçýandygy beýan edildi.
Etrap merkezine giren Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan goldanýan Azat Siriýa goşuny 9 etrapçadan ybarat Afrinde gözegçiligi gysga wagtda ele geçirdi.
Saklanan terrorçylar göz tussaglygyna alynmaga, etrabyň merkezindäki terror gurama degişli plakatlar we ýazgyly şygarlar aýrylmaga başlandy.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Bolýar
Hakan Fidan,kärdeşi Abdullah bin Zaýid Al Nahýan bilen duşuşdy.