Prezident Erdogan Stoltenberg we Poroşenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Erdogan NATO-nyň Baş sekretary we Ukrainanyň Döwlet Baştutany bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

931646
Prezident Erdogan Stoltenberg we Poroşenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R. T. Erdogan NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg we Ukrainanyň Döwlet Baştutany Petro Poroşenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Mesele hakynda berlen beýanata görä, Prezident Erdogan NATO-nyň Baş sekretary Stoltenbergiň doglan gününi gutlady we Siriýanyň Afrin etrabynda terrorçylara garşy geçirilýän Zeýtun şahajygy operasiýasy barada maglumat berdi.

Prezident Erdogan operasiýada asuda ilatyň ýitgi çekmezligi üçin ünsli çemeleşilýändigini we Zeýtun şahajygy operasiýasynyň DAİŞ-e garşy göreşe böwet bolmandygyny tersine şol göreşiň bir bölegidine ünsi çekdi.

Türkiýäniň PÝD/ÝPG/PKK, DAIŞ we FETO ýaly ähli terror guramalaryna garşy göreşýändigine ünsi çeken Prezident Erdogan, NATO agza ýurtlaryň ady agzalýan terror guramalaryna egilşik etmeginiň we terror howpyny diňe DAİŞ-den ybarat ýaly görmekleriniň gynandyryjydygyny belledi.

Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniň NATO-nyň gymmatlyklaryna we hyzmatdaşlyga goldaw berýändigini nygtady.

NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg hem Türkiýäniň NATO-nyň esasy agzalaryndan biridigini we NATO uly goşant goşýandygyny nygtady.

Türkiýäniň howpsyzlyk aladasyna düşünýändigini aýdan NATO-nyň Baş sekretary terrora garşy bilelikdäki göreşiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Prezident R. T. Erdogan Ukrainanyň Prezidenti Petro Poroşenko bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki lider telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Ukrainanyň arasyndaky ykdysadyýet, söwda, syýahatçylyk we goranyş pudagynda edilýän gatnaşyklar bilen birlikde özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösdürilmelidigini nygtady.

Erdogan bilen Poroşenko Ukrainanyň territorial bitewiligi, Krymdaky soňky wakalar we Krym tatarlarynyň kynçylyklary barada hem pikir alyşdy.

Telefon söhbetdeşliginde şeýle hem FETÖ-niň başda durmagynda terror guramalaryna garşy göreş üçin maglumat çalşygy meselesi gün tertibine getirildi.

 



Degişli Habarlar