“Zeýtun Şahajygy” operasiýsynda 3,444 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabynda dowam etdirýän “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynda 3,444 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi

929670
“Zeýtun Şahajygy” operasiýsynda 3,444 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Baş ştabdan berilen beýannama görä serhetlerde we sebitde howpsyzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek, Siriýanyň Afrin etrabynda PÝD/ÝPG/PKK/KJK we DAİŞ terrorçylaryny ýok etmek, dost hem-de doganlyk halky terrorçylaryň basyşyndan we zulmundan halas etmek maksady bilen 20-nji ýanwarda başladylan operasiýa dowam edýär.

Beýannamada operasiýanyň başyndan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň 3,444-e ýetendigi nygtalýar.

Beýleki tarapdan Türk ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny Afrinde ýene-de 8 obany terrorçylardan saplady.

Türk ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny Afriniň Kori, Gul, Şadir, Çolagan, Göz, Marratah, Şatiýan, Ýokary Kafardal we Kuran obalaryny PÝD/ÝPG/PKK/KJK we DAİŞ terrorçylaryndan saplady.

Operasiýanyň dowamynda 185 sanysy oba, 37 sanysy strategik nokat, jemi 222 ýer gözegçilik astyna alyndy.

 



Degişli Habarlar