Milli Goranmak ministri Nurettin Janikli Katarda saparda bolýar

Nurettin Janikli ol ýerde Kataryň Wise-premýeri we Goranmak işlerinden jogapkär döwlet ministri Khalid Bin Mohammed Al-Attiýah bilen duşuşdy

927521
Milli Goranmak ministri Nurettin Janikli Katarda saparda bolýar

Nurettin Janikli resmi sapar bilen giden Kataryň paýtagty Dohada Doha Halkara Harby-deňiz sergisiniň we konferensiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Katar Milli kongres merkezine geçdi.  

Kongres merkezine baran mahaly katarly resmiler tarapyndan garşylanan Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Nurettin Janikli ol ýerde Kataryň Wise-premýeri we Goranmak işlerinden jogapkär döwlet ministri Khalid Bin Mohammed Al-Attiýah bilen duşuşyk geçirdi.

Metbugata ýapyk häsýetde geçen duşuşykda iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde goranyş pudagy ugrundaky hyzmatdaşlygyň üstünde durulyp geçildi.



Degişli Habarlar