Erdogan terrora garşy göreşde Türkiýäni ýalňyz goýan NATO nägilelik bildirdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan terrora garşy göreşde Türkiýäni ýalňyz goýan NATO nägilelik bildirdi

927201
Erdogan terrora garşy göreşde Türkiýäni ýalňyz goýan NATO nägilelik bildirdi

Erdogan Boluda Adalat we ösüş partiýasynyň welaýat kongresine gatnaşdy.

Ol ýerde eden çykyşynda NATO-nyň Türkiýä garşy terrora garşy göreşde iki ýüzli standart ulanýandygyny aýdan Erdogan: “Biz bu NATO-nyň iň güýçli agzasydyrys. NATO-dan wezipe berilen mahaly Somalada bardyk, Balkanlarada bardyk. Häzirki watgda Siriýada bu wakalar başdan geçirilýän mahaly eý NATO sen haçan biziň ýanymyzda bolarsyň” diýip belledi.

Türkiýäniň käbir töwerekler tarapyndan güýmenip, ösüşiniň öňünde böwet bolmaga synanyşylandygyny aýdan Erdogan 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda FETÖ-niň harby agdarlyşyk synanyşygynyň halk tarapyndan yzyna serpikdirilmeginiň edil yz ýanyndan, bu gezek bolsa Siriýanyň demirgazygynda emele getirilmek islenen terror döwletine garşy göreşmäge mejbur galandyklaryny nygtady.

NATO-nyň terrora garşy göreşde Türkiýäni yzlňyz goýmagyna nägilelik bildiren Erdogan: “NATO sen haçan gelip, biziň ýanymyzda bolarsyň. Dowamly häsýetde terror guramalary bize hüjüm guraýar. Sen haçan orta çykarsyň. Men hemişe bulary aýtmalymy. Dostlarym bu zatlary dowamly bellemelimi. Hazirki wagta çenli oňyn bir zat aýdylmady” diýdi.  



Degişli Habarlar