Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky tehniki komitet birinji maslahatyny geçirdi

Türkiýe terror guramasy ÝPG-niň Munbiçden çykarylmagyny we ABŞ-nyň bu meselede beren sözünde durmagyny isledi

926660
Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky tehniki komitet birinji maslahatyny geçirdi

Komitetiň Waşingtonda geçirlen ilkinji maslahatynda ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi PÝD-ÝPG-niň Munbiçden çykarylmagy we Türkiýäniň Russiýadan aljak S-400 raketa ulgamy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Tehniki komitetiň birinji maslahatyna Türkiýäniň adyndan umuman alnanda harby wekiliýet gatnaşdy.

Amerikan tarapyna bolsa Döwlet sekretarlygynyň diplomatlary wekilçilik etdi.

Türkiýe terror guramasy ÝPG-niň Munbiçden çykarylmagyny we ABŞ-nyň bu meselede beren sözünde durmagyny isledi.

ABŞ bilen Türkiýäniň arasyndaky tehniki komitetiň birinji maslahatyndan soň ünsler Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň 19-njy martda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillerson bilen boljak duşuşygyna gönükdi.



Degişli Habarlar