Afrin operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 3055-e ýetdi

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň Afrin sebitinde alynyp barylýan Zeýtun şahajygy operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 3055-e ýetdi

925131
Afrin operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 3055-e ýetdi

Baş ştab tarapyndan berilen beýanatda Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde şu gün gury ýerden we howadan geçirilen operasiýalaryň netijesinde terror guramalary PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza ýene-de 115 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi.

Beýanatda operasiýanyň başlan güni bolan 20-nji ýanwardan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň 3055-e ýetendigi habar berildi.

Baş ştab tarapyndan berilen beýanata görä operasiýanyň çäginde terror guramalary PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi üçin gury ýerden we howadan operasiýalar dowam edýär.

Beýleki tarapdan Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny Afriniň Jinderes etrapça merkezini terrorçylardan saplady. Käbir ýerlerde terrorçylar bilen çaknyşyklar dowam edýär.

Afrin etraby 1 etrap merkezi we Raju, Bülbül, Şeýh Hadid, Jinderes, Şeran we Mabatly bolmak bilen jemi 6 etrapçadan ybarat.  

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny operasiýanyň başyndan bäri ÝPG/PKK-DAIŞ-iň gözegçiligi astyndaky Afrinde 4-i etrapça merkezi, 122 oba, 30-y strategik taýdan möhüm nokat bolmak bilen jemi 156 ýeri terrorçylardan saplady.


Etiketkalar: #Afrin , #terrorçy , #Baş ştab , #DAIŞ , #PKK , #PÝD , #ÝPG , #KCK

Degişli Habarlar