Afrin operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany artýar

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň Afrin sebitinde alynyp barylýan Zeýtun şahajygy operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 2612-ä ýetdi

922477
Afrin operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany artýar

Baş ştab tarapyndan berilen beýanatda Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde şu gün gury ýerden we howadan geçirilen operasiýalaryň netijesinde terror guramalary PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza ýene-de 96 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi.

Beýanatda operasiýanyň başlan güni bolan 20-nji ýanwardan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň 2612-ä ýetendigi mälim edildi.

Anadoly habarlar gullugynyň berýän habaryna görä Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny Afriniň demirgazyk-günbataryndaky Rajo etrapçasynyň gündogaryndaky Haji Halil obasyny Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde ÝPG/PKK-DAIŞ-e agza terrorçylardan saplady.

Beýleki tarapdan bolsa Afriniň Bafliun obasy we dagy bilen Halilo, Soguljak we Aranda obalary terrorçylardan saplandy.

Şeýlelik bilen Türk ýaragly güýçleri we operasiýa goldaw berýän Azat Siriýa goşunyna degişli güýçler operasiýanyň başyndan bäri terror guramasy ÝPG/PKK-DAIŞ tarapyndan basylyp alynan Afriniň 5 etrapçasynda 3-i etrapça merkezi, 102 sanysy oba, 6 sany ilatly zolak we 22 sanysy strategik dag ýa-da depe, biri ÝPG/PKK degişli baza bolmak bilen jemi 134 ýeri guramadan halas etdi.


Etiketkalar: #oba , #Rajo , #Afrin , #gurama

Degişli Habarlar