Zeýtun şahajygy operasiýasynda 2434 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

20-njy ýanwarda başlan operasiýa dowam edýär

921914
Zeýtun şahajygy operasiýasynda 2434 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

 

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň Afrin etrabynda geçirilýän Zeýtun şahajygy operasiýasynda 2434 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Baş ştabdan berlen beýanatda Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde şu gün howadan we gury ýerden geçirlen operasiýalaryň netijesinde terror guramalary PKK/KJK/PÝD-ÝPG-ä we DAIŞ-e agza ýene-de 139 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy.

Beýanatda operasiýanyň başlan güni bolan 20-njy ýanwardan bäri täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň 2434-e ýetendigi ýatladyldy.

Baş ştabdan berlen beýanata görä, Siriýanyň demirgazyk günbataryndaky Afrin etrabynda terror guramalary PKK/KJK/PÝD-ÝPG-ä we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, dost we doganlyk sebitiň halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek maksady bilen 20-njy ýanwarda başlan operasiýa dowam edýär.



Degişli Habarlar