Türkiýede we Yragyň demirgazygynda geçirlen operasiýalarda 17 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Terrorçylara degişli ýarag ammarlary, gowaklar we gaçybatalgalar hatardan çykaryldy

922039
Türkiýede we Yragyň demirgazygynda geçirlen operasiýalarda 17 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýede soňky bir hepde-de ýurduň içinde we Yragyň demirgazygynda geçirlen operasiýalarda 17 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Baş ştab soňky bir hepde-de ýurduň içinde we Yragyň demirgazygynda geçirlen operasiýalar barada maglumat berdi.

Şyrnak, Siirt, Diýarbakyr, Bitlis welaýatlarynda we Yragyň demirgazygynda geçirlen operasiýalarda terrorçylar tarapyndan ulanylan 23 ýer nyşana alyndy.

Terrorçylara degişli ýarag ammarlary, gowaklar we gaçybatalgalar bilen birlikde 12 sany partlaýjy madda hatardan çykaryldy.

Operasiýalarda bikanun ýollardan Türkiýä girmäge synanşan 7402 adam tussag edildi.



Degişli Habarlar