"Şehitlerimiziň we gahrymanlarymyzyň ýekeje damja gany ýerde galmaz"

Akar operasiýada asuda ilatyň ýitgi çekmezligi üçin ünsli çemeleşilýändigini aýratyn belledi

921880
"Şehitlerimiziň we gahrymanlarymyzyň ýekeje damja gany ýerde galmaz"

Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akar şehitlerimiziň we gahrymanlarymyzyň ýekeje damja ganynyň hem ýerde galmajakdygyny aýtdy.

Akar “Şehitlerimiziň we gahrymanlarymyzyň ýekeje damja gany hem ýer galmaz. Terrorçylar bilen olara goldaw berýänler hökmany suratda ýeňilişe sezewar bolarlar” diýdi.

Akar “Zeýtun şahajygy operasiýasy barada beren beýanatynda “ Türk ýaragly güýçleri Azat Siriýa goşuny bilen birlikde soňky terrorçy ýok edilýänçä terrora garşy göreşini tutanýerlilik bilen dowam etdirer” diýdi.

Akar operasiýada asuda ilatyň ýitgi çekmezligi üçin ünsli çemeleşilýändigini aýratyn belledi.

 



Degişli Habarlar