Zeýtun şahajygy operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 2295-e ýetdi

Zetun şahajygy operasiýasynda ATAK dik uçarlary bilen 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

921360
Zeýtun şahajygy operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 2295-e ýetdi

 

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň Afrin etrabynda geçirilýän Zeýtun şahajygy operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 2295-e ýetdi.

Baş ştabdan berlen beýanatda Zeýtun şahajygy operasiýasynda şu gün gury ýer we howa hüjümleriniň netijesinde terror guramalary PKK/KJK/PÝD-ÝPG-ä we DAIŞ-e agza ýene-de 73 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy.

Beýanatda operasiýanyň başlan güni bolan 20-njy ýanwardan bäri täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sanynyň 2295-e ýetendigi ýatladyldy.

Beýleki tarapyndan Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Zetun şahajygy operasiýasynda ATAK dik uçarlary bilen 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

 



Degişli Habarlar