Afrinde 2222 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň Afrin sebitinde alynyp barylýan Zeýtun şahajygy operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 2222-ä ýetdi

920538
Afrinde 2222 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Baş ştab tarapyndan berilen beýanatda Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde şu gün gury ýerden we howadan geçirilen operasiýalaryň netijesinde terror guramalary PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza ýene-de 38 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi.

Beýanatda operasiýanyň başlan güni bolan 20-nji ýanwardan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň 2222-ä ýetendigi habar berildi.

Beýleki tarapdan Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny Afriniň demirgazyk-günbataryndaky Raju etrapçasyna degişli Şeýh Mehmetli obasyny terrorçylardan saplady.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny 26-njy fewralda Afrindäki terrorçylaryň Türkiýe serhedi bilen baglanşygyny kesipdi.

Şeýlelik bilen Türk ýaragly güýçleri we operasiýa goldaw berýän Azat Siriýa goşunyna degişli güýçler operasiýanyň başyndan bäri terror guramasy ÝPG/PKK-DAIŞ tarapyndan basylyp alynan Afriniň 5 etrapçasynda biri etrapça merkezi, 88 sanysy oba, 6 sany ilatly zolak we 20 sanysy strategik dag ýa-da depe, biri ÝPG/PKK degişli baza bolmak bilen jemi 116 ýeri guramadan halas etdi.



Degişli Habarlar