Zeýtun şahajygy operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 2083-e ýetdi
Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň Afrin etrabynda geçirilýän Zeýtun şahajygy operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 2083-e ýetdi
918971
Baş ştabdan berlen beýanatda Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde şu gün howadan we gury ýerden guralan hüjümlerde terror guramalary PKK/KJK/PÝD-ÝPG-ä we DAIŞ-e agza ýene-ded 24 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy.
Beýanatda operasiýanyň başlan güni bolan 20-njy ýanwardan bäri täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sanynyň 2083-e ýetendigi ýatladyldy.
Baş ştabdan berlen beýanatda “Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde terror guramalary PKK/KJK/PÝD-ÝPG-ä we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek üçin howadan we gury ýerden guralýan hüjümler dowam edýär”diýildi
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Kurtulmuş, Eýranyň Mejlisiň Başlygy Kalibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.