Ibrahim Kalyn gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri barada beýanat berdi

Prezidentiň metbugat geňeşçisi Kalyn düýn Siriýanyň Afrin sebitine girmäge synanyşan Siriýanyň hökümediniň tarapdary bolan terror toparlarynyň türk esgerleriniň duýduryş bermek maksady bilen açan odundan soň Halapa tarap yza çekilendigini habar berdi

915139
Ibrahim Kalyn gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri barada beýanat berdi

Prezidentiň metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn geçiren metbugat ýygnagynda gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleriniň üstünde durup geçip, žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Ibrahim Kalyn: “Başar Asada tabynlykdaky güýçler bilen ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy PÝD-ÝPG-niň arasynda ylalaşyk gazanylandygy barada habarlar çykypdy. Halap töwereginden gelip, Afriniň günorta serhetlerinden şähere girmäge çalyşan 40-50 ulagdan ybarat ulag kerweniniň herekedini gördük, olar artilleriýa atyşlarymyzdan soň yza çekildi. Bu etapda ylalaşyk bolmady. Olar ýaly ylalaşyk bolsada Türkiýe hökmünde biz Zeýtun şahajygy operasiýasy bilen baglanşykly meýilnamamyzy durmuşa geçirmegimizi dowam etdirers” diýdi.

Ibrahim Kalyn Zeýtun şahajygy operasiýasyndan öň gelen razwedka maglumatlar bilen täze alynan maglumatlaryň Afriniň täze bir Kandil (Terrorçylaryň Yrakdaky merkezi) edilmäge synanyşalandygyny tassyklandygyny habar berdi.

Russiýanyň hödürlän Resmi Damask bilen gönüden gepleşikleriň geçirilmegi baradaky teklip bilen bagly soraga bolsa Ibrahim Kalyn: “Biz Damask bilen resmi taýdan aragatnaşykda däldiris. Çaknyşyksyz zolaklaryny emele getirmek üçin Astana etabynyň çäginde döreden mehanizmimiz bar. Ol ýerden berýän ýüzlenmelerimizi Russiýanyň we Eýranyň üsti bilen Damask hökümetine ýetirýäris. Biz gönüden resmi aragatnaşyk saklamaýarys. Emma adatdan daşary ýagdaýlarda, gerek bolan halatynda käbir meseleleriň çözgüdi üçin degişli guramadyr-edaralarymyz, ýagny Milli Howpsyzlyk gullugymyz gönüden ýa-da aýlawly ýagdaýda aragatnaşyga geçip biler. Bu şeýlede Milli Howpsyzlyk gullugymyzyň esasy wezipeleriniň biridir” diýdi.

Türkiýe-ABŞ gatnaşyklarynyň üstünde durup geçen Ibrahim Kalyn: “ABŞ-nyň ÝPG-e berýän goldawyny bes etmegini, terrorçylaryň Münbiçden çykarylmagy babatynda anyk tamalarymyz bar. PÝD bilen edilýän hyzmatdaşlyk bes edilmelidir. Tamamyz ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümediň bu terror guramasy bilen baglanşykly degişli anyk ädimler etmegidir. Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamy meselesinde hem anyk ädimlere garaşýarys” diýdi.



Degişli Habarlar