Elwan: “Türkiýe serhetlerinde terror koridorynyň açylmagyna ýol bermez”

Ösüş ministri Lütfü Elwan Türkiýäniň serhetlerinde terror koridorynyň açylmagyna ýol bermejekdigini aýtdy

914990
Elwan: “Türkiýe serhetlerinde terror koridorynyň açylmagyna ýol bermez”

Mersin welaýatynda Adalat we ösüş partiýasy tarapyndan guralan “Wepadarlyk” duşuşygynda çykyş eden Lütfü Elwan; “Terror guramalarynyň ählisine garşy göreşimizi soňuna çenli dowam etdireris” diýdi.

Elwan Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabynda alyp barýan “Zeýtun şahajygy” operasiýasyny üstünlik bilen tamamlajakdygyny we sebitde ýaşaýan siriýalylaryň ýurtlaryna dolanjakdyklaryny aýtdy.



Degişli Habarlar