Türkiýäniň Prezidenti Erdogan russiýaly kärdeşi Putin bilen söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan russiýaly kärdeşi Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

913750
Türkiýäniň Prezidenti Erdogan russiýaly kärdeşi Putin bilen söhbetdeş boldy

Prezident Diwany çeşmelerinden alynan maglumata görä telefon söhbetdeşliginde başda Afrin we Idlib bolmak bilen Siriýadaky soňky wakalar ara alynyp maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Afrin sebitinde alyp barýan Zeýtun şahajygy operasiýasy barada maglumat beren telefon söhbetdeşliginde terrora garşy göreşde hyzmatdaşlyk we sazlaşyk içinde hereket etmegi dowam etdirmek baradaky tutanýerlilik tassyklandy.

Erdogan-Putin telefon söhbetdeşliginde Idlibde dartgynlygy azaltmak zolagynda täze gözegçilik nokatlarynyň emele getirilmegi etaby bilen bagly meselelere hem garaldy.

Iki lider ikitaraplaýyn we sebitleýin meselelerde ýakyn gatnaşygyň dowam etdirilmeginiň möhümdigini hem belläp geçdiler.



Degişli Habarlar