Mewlüt Çawuşogly iş saparynyň çäginde iki çäk duşuşyklar geçirdi

Çawuşogly BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili we Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy

912405
Mewlüt Çawuşogly iş saparynyň çäginde iki çäk duşuşyklar geçirdi

Mýunhen howpsyzlyk konferensiýasyna gatnaşmak üçin Premýer ministr Binali Ýyldyrym bilen birlikde Germaniýa giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem iş saparynyň çäginde iki çäk duşuşyklar geçirdi.

Çawuşogly Germaniýada BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan De Mistura we Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Elran Abdyldaýew bilen duşuşdy.

Daşary işler ministri Çawuşogly Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Daşary işler ministri Kudret Özersaý bilen bolsa telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

 



Degişli Habarlar