"Afrinde ýeňişe tarap barýarys"

Prezident R. T. Erdogan Afrinde ýeňişe tarap barýandyklaryny aýtdy

912515
"Afrinde ýeňişe tarap barýarys"

 

 

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R. T. Erdogan partiýasynyň Afýonkarahisarda geçirlen kongresinde halka ýüzlenip çykyş etdi.

Prezident Erdogan çykyşynda Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabynda PKK/KJK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, dost we doganlyk sebitiň halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek üçin 20-njy ýanwarda başladan Zeýtun şahajygy operasiýasy barada durup geçdi.

Operasiýanyň başlan gününden bäri 1600-e golaý terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýdan Prezident Erdogan, sebitde 300 inedördül kilometrlik meýdanda gözegçiligiň ýola goýlandygyny nygtady.

Erdogan “Biz 3,5 million siriýaly doganlarymyzyň öýlerine dolanmaklaryny isleýäris we munyň üçin tagalla edýäris. Biziň Türkiýe hökmünde Siriýanyň topraklarynda gözümiz ýok. Bizdäki çadyrlarda däl öz topraklarynda olar üçin öý guralyň” diýdi.

 


 

 

 

 



Degişli Habarlar