“Zeýtun Şahajygy” operasiýasynda 1,551 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabynda dowam etdirýän “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terroçylaryň sany 1,551-e ýetdi

911678
“Zeýtun Şahajygy” operasiýasynda 1,551 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Baş ştabdan berilen beýanatda “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynyň çäginde şu gün guryýer we howa güýçleriniň operasiýalary netijesinde terror guramalary PKK/KJK/PÝD-ÝPG we DAİŞ-e agza ýene-de 23 terrorçynyň ýok edilendigi habar berildi.

Beýanatda operasiýanyň 20-nji ýanwarda başlamagyndan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň 1,551-e ýetendigi nygtalýar.

Düýn guralan operasiýalarda bolsa 6 oba terrordan saplanypdy.



Degişli Habarlar