Türkiýäniň Premýer ministri Belarussiýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Binali Ýyldyrym ne Türkiýäniň ne-de Belarussiýanyň gizlin bir gün tertibiniň ýa-da başga ýurtlara garşy meýilnamasynyň bardygyny belledi

911221
Türkiýäniň Premýer ministri Belarussiýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ýyldyrym: “Biz diňe ýurtlarymyzyň galkynyşyny, halklarymyzyň asudalygyny pikir edýäris” diýdi.

Resmi sapar bilen Belarussiýa baran Premýer ministr Binali Ýyldyrym Garaşsyzlyk köşgünde ýurdyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko tarapyndan kabul edildi.

Netijeli duşuşyk geçirendiklerini we ikitaraplaýyn gatnaşyklary jikme-jik ýagdaýda ele alandyklaryny aýdan Binali Ýyldyrym Prezident Erdoganyň 2016-njy ýylda Belarussiýa guran saparynda iki ýurt üçin goýulan umumy maksatlaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda ediljek işleri maslahatlaşandyklaryny belledi.

Belarussiýanyň Prezidenti Lukaşenko bolsa Ýyldyrymy kabul etmekden hoşaldygyny beýan etdi.

Iki ýurdyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklarda gowy netijeler alýandyklaryny aýdan Lukaşenko: “Soňky birnçäe ýylda Belarussiýa-Türkiýe gatnaşyklarynda özgeriş döneminiň başdan geçirilýändigini aýdyp bilerin” diýdi.

Lukaşenko Türkiýe bilen Belarussiýanyň arasyndaky öňe çykýan pudaklaryň örän gowy gatnaşyklara eýedigine ünsleri çekip iki ýurdyň arasyndaky söwda kuwwadynyň 1 milliard dollary geçendigini habar berdi.

Gatnaşyklary has hem özgertmek isleýändiklerini aýdan Lukaşenko: “Gatnaşyklarymyzda ne sizde ne-de bizde gizlin gün tertip bardyr. Gatnaşyklarymyzy özgertmek üçin ähli mümkinçilikler bardyr” diýdi.



Degişli Habarlar