Premýer ministr Binali Ýyldyrym Belarussiýa gitdi

Türkiýäniň Premýer ministr Binali Ýyldyrym resmi sapar bilen Belarus Respublikasyna gitdi

910382
Premýer ministr Binali Ýyldyrym Belarussiýa gitdi

Binali Ýyldyrym belarussiýaly kärdeşi Andreý Kobýakow bilen duşuşar.

Binali Ýyldyrymyň Belarussiýa gurajak sapary Premýer ministr derejesinde Minske guralan ilkinji sapar bolar.

Saparyň çäginde ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara meseleler ele alynar.

Iki ýurdyň arasynda ençeme şertnama gol çekilmegine garaşylýar.

Ýyldyrym Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen hem duşuşar.

Türk Premýer ministr saparynyň çäginde Türkiýe-Belarussiýa Işewürler forumyna gatnaşar.

Ýyldyrymyň mundan başgada Türkiýäniň goşandy bilen gurulan Minsk metjidine hem baryp görmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar