"DAIŞ-e garşy diňe Türkiýe içgin çemeleşýär"

Milli goranmak ministri Nurettin Janikli Türkiýäniň serhetlerini goramak üçin Siriýanyň Afrin etrabynda terrorçylara garşy geçirýän operasiýasy meselesinde ygrarlydygyny aýtdy

910375
"DAIŞ-e garşy diňe Türkiýe içgin çemeleşýär"

Türkiýe, ABŞ, Britaniýa, Germaniýa, Fransiýa bilen birlikde 15 ýurduň goranmak ministri terrora guramasy DAIŞ-e garşy göreş maslahatyna gatnaşmak üçin Italiýanyň paýtaty Rimde duşuşdy.

Türkiýäniň adyndan maslahata gatnaşan Milli goranmak ministri Nurettin Janikli hyzmatdaş güýçleriniň ministrlerine DAIŞ-e garşy diňe Türkiýäniň içgin çemeleşýändigini ýatlatdy.

Janikli Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabynda PKK/KJK/PÝD-ÝPG-ä we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, dost we doganlyk halky basyşdan we zulumdan halas etmek üçin 20-njy ýanwarda başladan Zeýtun şahajygy operasiýasy barada maglumat berdi.

Maslahatda PKK/KJK/PÝD-ÝPG-niň Türkiýe üçin howplydygyna ünsi çeken ministr Janikli “Türkiýe serhetleriniň howpsyzlygy üçin PKK/KJK/PÝD-ÝPG-ä garşy göreşmäge mejbur. Türkiýe Zeýtun şahajygy operasiýasy meselesinde ygrarly we operasiýa dowam eder”diýdi.

 



Degişli Habarlar