Türk lider Kipriň grek bölegine we Gresiýa duýduryş berdi...

Erdogan Kipriň grek böleginiň Ortaýer deňiziniň gündogarynda birtaraplaýyn häsýetde tebigy gaz gözleglerini geçirmegine, Gresiýanyň bolsa Egeý deňizinde düzgün bozmalaryna reaksiýa bildirip, öte geçmezlikleri barada duýduryş berdi

909663
Türk lider Kipriň grek bölegine we Gresiýa duýduryş berdi...

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan TBMM-de partiýasynyň topariçi maslahatynda söz sözledi.

Erdogan çykyşynda Kipriň grek böleginiň Ortaýer deňiziniň gündogarynda DKTR-nyň hukuklaryny äsgermezçilik edip birtaraplaýyn häsýetde tebigy gaz gözleglerini geçirmegine, Gresiýanyň bolsa soňky günlerde Egeý deňizindäki adalar bilen baglanşykly düzgün bozmalaryna reaksiýa bildirdi.

Erdogan: “Kipriň suw giňişligindäki tebigy gaz gözlegleriniň we Egeý deňizindäki opportunist hereketler ünslerimizden düşýär diýip pikir edilmesin. Kiprde we Egeýde öte geçenleriň, ýalňyş hereket etmezlikleri barada bu ýerden duýduryş berýäris. Türkiýe taryhdan, ylalaşyklardan we halkara hukukdan gözbaş alýan hukuklaryny soňuna çenli gorar" diýdi.

Erdogan: “Biz üçin Siriýada Afrin näme bolsa, Egeý deňizindäki, Kiprdäki hukuklarymyz hem şoldyr” diýdi.

Sebitdäki soňky wakalary ýakyndan gözegçilik edýändiklerini aýdan Erdogan: “Harby gämilerimiz, howa güýçlerimiz gerek bolan halatynda islendik çäräni görmek üçin ýakyndan gözegçilik edýärler” diýdi.



Degişli Habarlar