Daşary işler ministri Çawuşogly Kuweýtde saparda bolýar

Çawuşogly Jaferä Türkiýäniň Yragy güýçli ýagdaýda goldaýandygyny belläp geçdi

909593
Daşary işler ministri Çawuşogly Kuweýtde saparda bolýar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly “DAIŞ-e garşy göreşiň Halkara koalisiýasynyň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna” we “Yragyň täzeden gurulmagy atly halkara maslahata” gatnaşmak üçin Kuweýde bardy.

Mewlüt Çawuşogly ol ýerde Kuweýdiň Wise-premýeri we Daşary işler ministri Sabah El-Halid El-Hamad Es-Sabah we yrakly kärdeşi Ibrahim El-Jaferi bilen duşuşdy.

Çawuşogly-Jaferi duşuşygynda ikitaraplaýyn we sebitleýin meseleler bilen birlikde Yragyň täzeden gurulmagy bilen bagly meseleleri hem gözden geçirdiler. 

Çawuşogly Jaferä Türkiýäniň Yragy güýçli ýagdaýda goldaýandygyny belläp geçdi.

Mewlüt Çawuşoglynyň kuweýtli kärdeşi Sabah bilen geçiren duşuşygynda bolsa iki ýurdyň ýokary derejeli saparlary berkän gatnaşyklaryny has hem ösdürmek baradaky ygtyýar ikitaraplaýyn häsýetde tassyklandy we sebitdäki wakalar barada pikir alyşyldy.



Degişli Habarlar