Erdogan: “Münbiçi terrordan saplap, bu topraklary hakyky eýelerine bereris”

Prezident Erdogan Siriýanyň Münbiç sebitini terrorçylardan saplap, bu topraklary hakyky eýelerine berjekdiklerini belledi

904720
Erdogan: “Münbiçi terrordan saplap, bu topraklary hakyky eýelerine bereris”

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Erdogan TBMM-de partiýasynyň topariçi maslahatynda çykyş etdi.

Çykyşynda Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin sebitinde PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, sebitiň dost we dogan halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek maksady bilen başladan Zeýtun şahajygy operasiýasynyň üstünde durup geçen Erdogan Afrinde we Idlibde operasiýalaryň tutanýerlilik bilen dowam etjekdigini nygtady.

Operasiýalaryň haçan tamamlanjakdygy bilen bagly käbir ýurtlaryň seslerini çykarýandygyny aýdan Erdogan: “Haçan tamamlarsyňyz? diýen soragyňyza men siz Owganystandaky operasiýaňyzy haçan bitirdiňiz? Yrkdaky operasiýalaryňyzy haçan bitirdiňiz? diýip soramak isleýärin. 18 ýyl boldy. Entegem ol ýerden çykmadyňyz. Biziň 911 km serhedimiz bar. Şu günki güne çenli 700-den gowrak hüjüm guraldy, 100-den gowrak şehidimiz bar. Muny eşidýärmi ABŞ? Görýärmi?” diýdi.

ABŞ-nyň elmydama güýmeme taktikasyny ýerine ýetirýändigini aýdan Erdogan resmi Waşingtonyň PKK/KCK/PÝD-ÝPG-niň agzalaryny Münbiçe ýerleşdirendigini, DAIŞ-e garşy göreşden soň sebiti boşaltjakdyklary barada söz beren hem bolsalar, sözünde durmandygyny beýan etdi.

Erdogan: “Münbiçe gelmäň diýýärler. Biz Münbiçe topraklaryny hakyky eýelerine bermek üçin geleris. Bu sebitde bir zat ediljek bolsa, geliň NATO-da bilelikde işleşýän agza ýurduňyz Türkiýe bilen birlikde ediň. Biziň meselämiz terror guramalarydyr. ABŞ DAIŞ-i sapladyk diýýär. Onda näme üçin şu wagtam bu ýerdesiňiz?” diýdi.

Maslahatdan soň žurnalistleriň soraglaryna jogap beren Erdogan ABŞ-niň terror guramasy PKK/KCK/PÝD-ÝPG-e beren ýaraglar bilen baglanşykly Türkiýäniň milli we halkara hukuk taýdan gerek bolan ädimleri etjekdigini nygtady.



Degişli Habarlar