Afrin operasiýasynyň çäginde täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany artýar

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin sebitinde Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde  PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza 932 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi

903209
Afrin operasiýasynyň çäginde täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany artýar

TÝG tarapyndan berilen beýanatda Harby howa güýçleri tarapyndan guralan howa operasiýalar bilen PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ terror guramalaryna degişli gaçybatalga, ok-däri ammar we ýarag liniýasy hökmünde ulanylan 5 nyşananyň ýer bilen ýegsan edilendigi habar berildi.

Türk Ýaragly güýçleri: “Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde sebitden alynan maglumatlara görä PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza ýene-de 35 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Operasiýanyň başlangyjyndan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 932 boldy” diýildi.

Beýanatda: “Zeýtun şahasy operasiýasynda türk esgerleriň şehit bolan terror guramasynyň gözegçiligi astyndaky ýerlere artilleriýa toplary bilen hüjüm guraldy” diýildi.

TÝG beýanatynda serhetde ornaşdyrylan gaubisalaryň Kilis-Hataý serhet liniýasyndaky Darmyk dagy sebitinde anyklanan PÝD/PKK-a degişli ýerleri bombalandygy bellenip geçildi.

Beýanatda bombalanan ýerlerdäki terrorçylaryň ýerleriniň dolulygyna ýok edilendigi habar berildi.  

Beýleki tarapdan bolsa sebite goşmaça harby ulaglar we esgerler iberilmäge dowam edilýär.

Beýanatda howa operasiýasyna gatnaşan uçarlaryň howpsyz ýagdaýda bazalaryna dolanyp gelendikleri mälim edildi.



Degişli Habarlar